Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Täjigistanyň «Futbol» teleýaýly «Altyn asyr» ― «Rawşan» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

22:4113.05.2021
0
7672

Ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» bilen Täjigistanyň «Hujand» futbol toparynyň arasynda AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çäginde geçiriljek duşuşyk «Futbol» (Täjigistan) teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýty habar berdi.

Duşuşyk 14-nji maýda, Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.

Aşgabatly futbol janköýerlerine «Futbol» teleýaýlymynyň IPTV-niň 93-nji ýaýlymydygyny ýatladýarys.

Iki topar mundan ozal biri-biri bilen 2019-njy ýylda iki gezek duşuşypdylar. Olaryň biri «Altyn asyryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan bolsa, ikinjisinde hasap açylmandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň