Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» bilen «Ahal» şu gün yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin ýola düşýär

08:2211.05.2021
0
5148

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» we ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň kubogy ― 2021 halkara ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin şu gün ýola düşýär.

Bu iki topar şu gün sagat 9:00-da Aşgabat ― Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy bilen üpjün edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýatyndaky wekilleri toparlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde ýörite awtobus bilen garşylar we Farap gümrük nokadyna çenli ugradar. Bu ýerden türkmen futbolçylary Özbegistana geçip, ýoly ondan aňry dowam etdirerler.

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynda «Ahal» «E», «Altyn asyr» «F» toparça wekilçilik eder. «E» toparçanyň duşuşyklary Täjigistanda, «A» toparçanyňky bolsa Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.

«Ahalyň» topardaşlary Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» futbol toparlary bolar. «Altyn asyr» bolsa «Nasaf» (Özbegistan), «Hujand» (Täjigistan) we «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) bilen duşuşar.

Toparçalaýyn duşuşyklar 14 ― 20-nji maý aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň