Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlaryna süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeli usullaryny kesgitleýän enjam gowşuryldy

20:4410.05.2021
0
9720

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli milli institutynyň Garryköl meýdançasynda zähmet çekýän alymlaryna ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrogenerator we fotoelektrik milli enjamlar gowşuryldy. Çöli öwreniji alymlar bu ýerde tebigy hadysalara gözegçilik edip, ummasyz ylmy işleri hem tejribe-barlaglary amala aşyrýarlar.

Bu iş gurallary olara on müňlerçe çöl ösümlikleriniň dürli görnüşlerine ideg etmäge we olaryň guraklykda ösüşini, oňa uýgunlaşmagyny öwrenmäge ýardam eder. Döwrebap enjamlar şeýle-de süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeli usullaryny kesgitlemekde, şol sanda fitomeliorasiýanyň kömegi arkaly anyklaýyş çäreleriniň giden bir toplumyny geçirmekde ulanylar.

Emeli suwaryşdan peýdalanyp, çöllük öri meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan tehnologiýalary has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Alymlara gowşurylan abzallar bu gözegçilik meýdançasynyň işgärlerine ýeriň çuň gatlaklaryndan süýji suw çykarmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, häzirki zaman abzallary çägeleriň mehaniki we mineralogiki düzümini kesgitlemäge, çägäniň hem psammofitleriň (süýşýän çägelikde ösmäge uýgunlaşan ösümlikleriň) tohumlarynyň, şitilleriniň nusgalaryny köpeltmegi öwrenmäge ýardam berer. Täze tehniki serişdeler ylmy we amaly-tejribe barlaglarynyň tutuş toplumyny geçirmek işlerini, ýaşaýyş jaýlary, barlaghanalary,

kömekçi binalary we Garryköl stasionarynyň beýleki desgalaryny elektrik togunyň özbaşdak çeşmesi bilen üpjün eder. Bu abzallar “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklyga we şorlanma sezewar bolan landşaftlaryndaky tebigy gorlaryň toplumlaýyn dolandyrylyşy” (ISSAUZR-2) FAO/GEF taslamasynyň Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde gowşuryldy.

FAO/GEF taslamasynyň Garryköl gözegçilik meýdançasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ekerançylyk ýerlerini giňeltmäge, süýşýän we tehnogen çägeleri berkitmäge şert döreder. Bu özara gatnaşyk mundan başga-da, hatardan çykan çöllük meýdanlary gurplandyrmaga, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, guýulardyr obalaryň töwereginde gorag tokaý zolaklaryny döretmek üçin psammofit ösümlikleriniň – ak we gara sazaklaryň, çerkeziň, gandymyň, sözeniň şitillerini taýýarlamaga mümkinçilik berer. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň we mekdepleriň daş-töweregini bag-bakjalyga öwürmekde-de peýdalanylar.

Mundan başga-da, Garrykölde amaly okuwlary geçirmek meýilleşdirilýär, ýerli ilata süýşýän çägeleri berkitmegiň usullaryny we hatardan çykan öri meýdanlaryny gaýtadan dikeltmek üçin çöl ösümliklerini ekmegiň tehnologiýasyny öwretmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde mülkdarlaryň meýdan mekdepleriniň (MMM) ýene biri emele geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň