Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1035 tussagyň günäsi geçildi

21:4307.05.2021
2
16586

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli 1035 tussagyň günäsini geçmek baradaky resminama gol çekdi. Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda 982 türkmen we beýleki döwletleriň 53 raýaty bar. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň