Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda weteranlar sarpalandy

11:1106.05.2021
0
6509

Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylyp başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şeýle dabaralaryň biri düýn paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna, şeýle-de tylda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň at gazanan artistleri Zylyha Kakaýewanyň, Ilşat Annamämmedowyň, şeýle-de harby gullukçylaryň aýdym-saz toparynyň aýdymçydyr sazandalarynyň, «Aşgabat» tans toparynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň göwnünden turdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň