Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýusupowa Selbi Style» modalar öýi dizaýnerçilik bäsleşigine gatnaşar

18:4004.05.2021
0
41753

7-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň guramagynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly dizaýnerleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik 25-nji maýda uludan toýlanjak Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralar.

Bäsleşige gatnaşyjy dizaýnerleriň arasynda «Ýusupowa Selbi Style» modalar öýi hem bolar. Bary-ýogy bir ýyl mundan ozal döredilendigine garamazdan, bu modalar öýi paýtagtly gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Ýeri gelende, «Ýusupowa Selbi Style» modalar öýüniň 2021-nji ýylyň martynda «Hrustal liliýa» atly toý salonlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde «Iň gowy agşam ýygyndysy» atly ugur boýunça ýeňiji bolandygyny bellemeli. Bäsleşikde bu modalar öýi milli hem romantik äheňleri özünde jemleýän özboluşly lybaslary bilen emin-agzalary bendi etdi.

Brendiň esaslandyryjysy, stil boýunça maslahatçy Selbi Ýusupowanyň bellemegine görä, ol hemişe lybaslaryň dizaýny bilen meşgullanmak hem-de hut şu ugurda täzelikleri döretmek isläpdir. Köplenç, onuň özi döreden işlerini görkezmek üçin model hökmünde çykyş edýär. Öňki işleriň tejribesi we özboluşly stili «Ýusupowa Selbi Style» modalar öýüne ýene-de ýeňijileriň hatarynda bolmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň