Eýranly türkmen, Sankt-Peterburgyň «Zenitiniň» hüjümçisi Serdar Azmun toparynyň Russiýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyrynda «Krasnodar» bilen geçiren duşuşygynyň iň gowy futbolçysy saýlanyldy. 6:1 hasabynda «Zenidiň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda, eýranly türkmen üç gezek tapawutlandy.
Bu duşuşykdan soňra utugyny 61-e çykaryp, çempionlygyny yglan eden «Zenidiň» hüjümçisi «Matç Premýer» teleýaýlymy tarapyndan «Iň gowy futbolçy» baýragyna mynasyp boldy.
Serdar Azmunyň Russiýanyň çempionatynda şu ýyl 23 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys. Ol Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň we Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň agzasydyr.