Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

17:2901.05.2021
0
11511

Anna güni hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, halkyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Özbegistanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halk üçin uly hormatdygyny belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Soňra geçirilen Hökümetiň mejlisiniň barşynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, býujet-salgyt ulgamynyň işini halkara tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de salgytlardyr hökmany tölegler boýunça kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmakda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hususan-da, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky degişli Kararyny seljermegiň we olary amala aşyrmagyň netijeleri barada habar berdi. Geçirilen işleriň jemleri boýunça milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip hödürlenildi.

Salgyt maksatlary üçin esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleriniň bellenilmegi edara-kärhanalarda çykdajylaryň we peýdanyň ýoýulmazlygyna, şunuň bilen birlikde, salgyt özeniniň artmagyna mümkinçilikleri döreder.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygyny doly ulanmak arkaly nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, toplum tarapyndan daşary ýurt kompaniýalaryndan çig nebiti satyn alyp, gaýtadan işlemek we daşarky bazarlara ibermek bilen bagly meseleleriň birnäçesi beýan edildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gant şugundyryny öndürijiler bilen bellenilen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny hem-de hasylyň şertnamalaýyn nyrhlardan satyn alynmagyny, daýhanlary gant şugundyrynyň ýokary hilli tohumlary, suwaryş suwy we dökünler bilen üpjün etmek, onuň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde geçirmek meýilleşdirilýär.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, “Düýeboýun” suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmek boýunça işlere degişli Buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ýerden muzdly peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga” Goşmaça Ylalaşyga türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň “Suw damjasy — altyn dänesi” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň gözbaşy bolan, ekerançylykdan bol hasyl almagyň girewi hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmagyň möhümdigine hem-de oba hojalygyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow demir ýol ulaglary pudagynda edilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin “elektron petekler” programma üpjünçiliginiň işe girizilendigini, munuň bolsa internet saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen petekleriň satuwyny nagt däl hasaplaşyk arkaly guramaga mümkinçilik berýändigini habar berdi.

Ýurdumyzyň demirýol ulaglary pudagynyň ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze, döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.

Demir ýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinde eksport-import söwda gatnaşyklaryny we üstaşyr ýükleriň daşalmagyny guraýan kärhanalar onlaýn usulda, “şahsy otaglaryň” üsti bilen, dünýäniň islendik künjeginden ýüztutma arzalaryny berip bilerler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy önüm öndürijilere goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik desgalarynyň sany barha artýar.

Diýarymyzyň telekeçileri towuk etini we ýumurtga, süýji-köke, et hem-de şöhlat önümlerini, şireli içgileri, ösümlik ýagyny, çörek, gök-bakja, süýt we beýleki azyk önümleri öndürýärler hem-de içerki bazary doly üpjün edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe teklipler hödürlenildi.

Milli Lider hasabaty diňläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we G.Müşşikowa halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany Dokma senagaty ministrliginiň işi bilen baglylykda, döwrebap, ýylyň dürli möwsümlerine laýyk gelýän aýakgaplary hem-de egin-eşikleri öndürmek maksady bilen, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleriň ençemesi guralar. Maý aýynyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli konsertleri, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet çeper okaýyşlaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyzyň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem dürli ulgamlara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna täze, zerur hünärleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy ýaly ulgamlarda dünýäniň ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ugurda giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Olary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, sebit we ählumumy derejelerde degişli işler amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn resminamalaryň 23-siniň agzasy bolup durýar.

Sebitiň daşky gurşawyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, şol sanda täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) döretmek boýunça ýurdumyz tarapyndan anyk çäreler görülýär.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu gaznada üstünlikli başlyklyk etdi. Şunda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti möhüm waka boldy.

Bu sammit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Sebit derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz ugurdaş halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet tebigy goraghanalarynyň 9-sy hem-de döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň 16-sy hereket edýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda “Altyn köl” zolagynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň 2008-nji ýylda goşulan Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler baradaky Konwensiýasynyň, ýagny 1971-nji ýylda kabul edilen Ramsar Konwensiýasynyň esasy wezipelerini çözmek üçin möhümdir. Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagy bu Konwensiýada görkezilen tebigy ýerleriň Sanawyna girýär. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn köli” hem ýokarda agzalan sanawa girizmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Bu mesele ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň şu ýylyň 28-nji aprelinde geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hem hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa diplomatiýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Ýurdumyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, netijeli sebit we halkara gatnaşyklary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki abraýly ugurdaş düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Ekologiýa meselesi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Onda tebigata aýawly garamaga hem-de onuň baýlyklaryny rejeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Ýaşyl” we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmak dürli pudaklarda giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalaryny, düzümleýin taslamalary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde möhüm talap bolup durýar.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda seýilgähleriň we seýilbaglaryň sany barha artýar, tokaý zolaklarynyň meýdanlary giňelýär. Munuň özi bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny hem-de biologik köpdürlüligini aýawly saklamaga, onuň baý serişdelerini rejeli ulanmaga, Aral meselelerine uly üns berilýär.

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak babatda esasy konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu maksat bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen BMG-niň möhüm resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni bagly meseleleri çözmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmaga anyk goşandy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, beýan edilen teklibi makullady we halkara giňişlikde ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekip, ony wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu Meýilnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň