Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň importyny azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy

17:2201.05.2021
0
10029

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, azyk harytlarynyň özümizde öndürilişini artdyrmagyň dowam etdirilmelidigini, içerki bazarlarymyzyň azyk önümleri hem-de, ilkinji nobatda, zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. Kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek berilmelidir diýip, döwlet Baştutany munuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly bar bolan iş ýerlerini saklap galmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir.

Şeýle hem döwlet Baştutany ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ähli ýerde elektron söwda we alyjylara harytlary eltip bermek işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Öwezowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň