Arhiw

Türkmenistanyň Modalar öýleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

17:5029.04.2021
0
10983
Türkmenistanyň Modalar öýleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýi şu ministrlik tarapyndan geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» diýlip atlandyryldy. Bäsleşikde ulular we çagalar üçin baýramçylyk, adaty we sport lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Gyzykly gözellik bäsleşiginde «Mähirli zenan» modalar öýi ikinji, «Nurland» modalar öýi bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Hormat haty gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň