Soňky habarlar

Arhiw

Maryda türkmen bedewlerine we dünýäniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:2622.04.2021
0
3765

Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.

Kitaphananyň eýwanynda ýyndam bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly we beýleki kitaplaryny bagyşlan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň sergisi guraldy. Dürli daşary ýurt dillerine terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke tohumly atlara bütin dünýäde gyzyklanmanyň ep-esli artmagynda ähmiýetli orun eýeledi.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň atşynaslygynyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de daşary ýurtly kärdeşleri — assosiasiýalaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekilleri, şeýle hem hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň