Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

19:3321.04.2021
0
3135
Türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Şu gün türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejebow Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Biziň ildeşimiz ştangany galdyrmagyň iki görnüşi boýunça 341 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şunda ol silterläp galdyrmakda 156, itekläp galdyrmakda 185 kilogram agyrlygy eýgerdi.

Ýaryşda dünýäniň bäş gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi, hytaýly türgen Lýuý Sýaoszin altyn, özbegistanly Muhammadkodir Toştemirow kümüş medala mynasyp boldy.

29 ýaşly ildeşimiziň Dünýä çempionaty ― 2017-niň we şol ýyl Aşgabatda geçirilen Aziadanyň hem kümüş medallaryna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Yzda galan ýaryşlardan soňra Hytaý Halk Respublikasynyň milli ýygyndysy altyn medallaryň altysyny we dört sany bürünç medal bilen birinji orunda barýar. Aziýa çempionaty 25-nji aprelde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň