Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin türkmen Lideri bilen türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça telefon arkaly pikir alyşmaga taýýardygyny nygtady

23:4320.04.2021
0
14194

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça telefon arkaly pikir alyşmaga taýýardygyny nygtady.

Bu barada hytaý Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýazan hatynda şeýle diýýär:

«Biziň üçin amatly wagtda Siz bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ilerletmek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alyşmaga taýýardyryn».

Şeýle hem HHR-nyň Başlygy türkmen Lideriniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi. Ol Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we Onuň maşgala agzalaryňyza tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini hem-de öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly goldawlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň