TDEI dalaşgärler üçin "Açyk gapylar" gününi geçirer

23:2820.04.2021
0
11495

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bu günler ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri we okamak, ýaşamak üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrylar.

Institutyň salgysy: Mary şäheri, Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800522-5-75-02; 800522-5-75-17.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň