Moskwadaky «Remezan çadyry» taslamasynyň çäginde Türkmenistana bagyşlanan agşam geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Şu ýyl bu medeni we bilim taslamasy Poklonnaýa depesindäki Memorial metjidiniň binasynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Gün ýaşanda, hemmeler agzaçara çagyrylýar. Agzaçarda adaty agşam naharynyň ýanynda döredijlik toparlarynyň çykyşlary hem guralýar.
Bu çadyr indi 16 ýyldan bäri her ýyl Oraza aýynda işleýär. Ýöne festiwal COVID-19 pandemiýasy döwri bilen bagly ýüze çykan çäklendirmeler sebäpli geçen ýyl ýatyryldy. Şu ýyl bolsa festiwal gaýtadan dikeldildi.
Çadyryň dizaýny «Gülleýişiň wagty geldi» şygaryna eýerýär. Muny onuň bezegi hem doly tassyklaýar.