Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda konkur boýunça ýaryş geçirildi

12:3120.04.2021
0
6156

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça ýaryş geçirildi. Şanly sene mynasybetli her ýyl geçilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz behişdi bedewleri bilen çykyş etdi.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Onda çykyş eden bedewleriň 10-sy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda bolsa ýaryşa gatnaşyjylar 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşdylar. Netijede, ikinji tapgyrda türgenleriň üçüsi deň netije gazanmagy başardylar. Üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň sekizisinden geçmeli boldular.

Netijede, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen şowly çykyş edip, birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow bolsa Akgala atly bedewi bilen çykyş edip, biraz şowsuzlyga ýol berendigi sebäpli, ýaryşy ikinji orunda tamamlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew hem Galkynyş atly bedewi bilen bäsleşigiň üçünji tapgyrynda çykyş edip, üçünji orna düşmegi başardy.

Ýaryşyň ýeňijisi Ýazgeldi Garajaýew bu ýaryşda bassyr üç ýyl bäri öňdäki orunlara mynasyp bolup gelýär. Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medalçysy Nikolaý Beglarýanyň şägirdi 2019-njy ýyldaky ýaryşda kümüş medal eýeläp, geçen ýyl hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykypdy.

Ýaryşyň ýeňijilerine baýraklar Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň