Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy sport baýramçylygyny gurady

23:1619.04.2021
0
10996

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy «Gazagystanyň tennis federasiýasy» Respublikan jemgyýetçilik birleşigi bilen birlikde Nur-Sultan şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň arasynda tennis boýunça ýaryş geçirdi. Bu barada «Kazinform» agentligi habar berýär.

Ýaryş Bütindünýä saglyk gününe we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy. Çäräniň başynda Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejebow Türkmenistanda işjeň ýöredilýän sagdyn durmuş hereketi barada gürrüň berip, şu ýyl Aşgabatda Dewisiň kubogy boýunça halkara ýaryşyň bir tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Ýaryş iňňän gyzykly geçdi. Ol özboluşly tennis baýramçylygyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň