Top.Mail.Ru

Balkanabatly inžener «Näme? Nirede? Haçan?» atly gepleşige gatnaşdy

13:2419.04.2021
0
24228

Russiýanyň «Perwyý kanal» teleýaýlymynyň meşhur bäsleşikleriniň biri bolan «Näme? Nirede? Haçan?» atly bäsleşigiň geçen ýekşenbede görkezilen ýazky tapgyrynyň jemleýji oýnunda tomaşaçylar Balaş Kasumowyň topary bilen bäsleşdiler. Topary Dmitriý Awdeýenko, Denis Galiakberow, Ýuliýa Lazarewa, sergeý Nikolenko we Elman Talibow dagylar emele getirýär.

Hasap 5:5 wagtynda tomaşaçylar Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Didar Baýramowyň beren sowalyndan soňra ýeňildiler. Inžener bolup işleýän ildeşimiz Hindistanyň Mumbaý şäheriniň köçelerinde oturdylan ýolyşyklaryň näme üçin belli bir ýagdaýda iş tertibini üýtgedýändigini sorady.

Bir minutlyk çekişmeden soň hünärmenler Mumbaýdaky ýolyşyklaryň beýtmek bilen sürüjileri «jezalandyrýandygyny» aýtdylar. Bu «ukyba» eýe ýolyşyklar ýol hereketinde jedelli ýagdaý ýüze çykanda, ýaşyl yşygyny ýakmaýar.

Bäsleşigi alyp baryjy Boris Krýuk hünärmenleriň beren jogabynyň dogrudygyny aýtdy.

Has takygy, Mumbaýdaky ýolyşyklaryň ulgamy şeýle tertip bilen işleýär: ýolyşyga oturdylan datçik sesiň derejesi 85 desibilden köp bolan ýagdaýynda taýmer ýaşyl yşyga çenli bolan wagt aralygyny täzeden ölçäp başlaýar. Sürüjiler bolsa öz günäsi bilen köp garaşmaly bolýarlar.

Balkanabatly tomaşaçynyň beren sowalynyň jogaby bilnenden soň, topar 6:5 hasabynda tomaşaçylardan üstrün çykdy. Eger jogap nädogry berlen bolsa, biziň ildeşimiz uly mukdardaky pul baýragynyň eýesi bolup bilerdi. Ýöne onuň meşhur gepleşige gatnaşmagyny hem üstünlik hasaplap bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň