Top.Mail.Ru

“Nur ýüpek” dükany “Sada söýgi” filminiň surata düşürilýän meýdançasyna öwrüldi

12:5719.04.2021
0
27302

Ýüpek matalarynyň dükany “Nur Ýüpek” “Sada söýgi” çeper filminiň “gatnaşyjysy” bolmak bilen, wakalaryň esasy ýaýbaňlanýan ýeri boldy.

“Sada söýgi” filmi 2021-nji ýylda döredildi. Film ilkinji gezek bahar baýramy mynasybetli türkmen halkyna sowgat hökmünde TV4 Türkmenistan milli teleýaýlymynda görkezildi. Filmi döretmäge Rüstem Mämmedow, Işanberdi Apow, Tuwak Berdiýewa, Ýunus Ahmedow, Atamyrat Piriýew gatnaşdylar. Baş keşpleri meşhur estrada aýdymçysy Eldar Ahmedow we Gülälek Gulmyradowa ýerine ýetirdiler.

“Nur ýüpek” kinoda öz ady bilen çykyş edýär. Eger-de kinematografiýada meşhur kinoaktýor ýa-da režissýor öz-özüni kiçiräk, köplenç, epizodik rollarda ýerine ýetirýän bolsa, muňa kinosungatynda “kameo” diýilýär. Dogrusy, bu termini, esasan, adam babatda ulanmak ýörgünli, ýöne häzirki ýagdaýda türkmen zenanlarynyň söýgüli dükany bolan “Nur ýüpek” hem filmde öz keşbini özi ýerine ýetirýär.

Ýatlatsak, “Nur ýüpek” mata dükanynyň şahamçalary paýtagtymyz Aşgabatda, (üç söwda nokatlary) Maryda, Türkmenabatda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň