Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy halkara golf ýaryşyny gurady

12:2819.04.2021
0
6073

2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Tblisi şäherindäki ilçihanasy tarapyndan golf boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşy guramaga Gruziýanyň Höwesjeň we korporatiw sport bileleşigi ýardam berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ýaryşa diplomatik korpusyň wekilleri, dürli ýurtlardan gelen höwesjeň türgenler we Gürjüstanyň telekeçileri gatnaşdy.

Sport çäresi başlamazdan ozal geçirilen dabarada Türkmenistanda sportuň ýokary derejedäki ösüşi we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz ediş çäreleri barada gürrüň berildi. Şeýle hem dabarada 2017-nji ýylda Türkmenistanda döwrebap golf meýdanaçasynyň açylandygy nygtaldy.

Ýaryşyň ahyrynda onuň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy. Sport ýaryşy Gruziýanyň ýerli metbugat serişdelerinde beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň