«Türkmenistan» awiakompaniýasy wagtlaýyn promo nyrhyny ýola goýýar

17:5618.04.2021
0
114777

«Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin Promo nyrhyny wagtlaýyn ýola goýýar we ýolagçylaryň goşlaryny daşamak boýunça täze konsepsiýasyny hödürleýär diýlip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.

Bu habarda bellenişine görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy nyrhlaryny täzelemek bilen, uçuşlaryň başlangyç tapgyrynda ekonom klasynyň täze Promo «A» nyrhyny daşary ýurtda diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin 90% arzanladyş awiabiledini satuwlarda hödürleýär.

Awiabilediň bahasy ugruna baglydyr, şeýle hem oňa üýtgeşme girizilip bilner:

Almaty – Türkmenistan

– 110 USD

Dubaý – Türkmenistan

– 143 USD

Abu Dabi – Türkmenistan

– 144 USD

Stambul – Türkmenistan

– 157 USD

Ankara – Türkmenistan

– 151 USD

Deli – Türkmenistan

– 152 USD

Amritsar – Türkmenistan

– 179 USD

Moskwa – Türkmenistan

– 150 USD

Sankt-Peterburg – Türkmenistan

– 165 USD

Kazan – Türkmenistan

– 135 USD

Minsk – Türkmenistan

– 148 USD

Pekin – Türkmenistan

– 158 USD

Bangkok – Türkmenistan

– 160 USD

London – Türkmenistan

– 277 USD

Birmingem – Türkmenistan

– 271 USD

Frankfurt – Türkmenistan

– 257 USD

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň