Ukrainanyň «Windrose Airlines» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine ýörite uçuşy amala aşyrdy

16:4918.04.2021
0
21717

17-nji aprel güni irden Ukrainanyň «Windrose Airlines» awiakompaniýasynyň 7W7735 belgili ýörite gatnawy bilen Kiýewden ýurdumyza gelen uçar Türkmenbaşy şäherine gondy.

«Airbus A320-214» uçary Ukrainanyň paýtagtyndan Türkmenistanyň raýatlaryny alyp geldi. Olaryň aglabasy Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň türkmenistanly uçurymlary we dürli sebäpler bilen dostlukly döwletde galan ildeşlerimizdir.

Ýolagçylaryň biriniň «Türkmenportala» beren maglumatyna görä, koronowirus barlaglary arassa çykan ýolagçylar Kiýewiň «Borispol» howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine sary ýola düşdüler.

Türkmenistan koronowirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny alyp gelmek işlerini dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň