BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen ýene-de bir Kararnamany kabul etdi

23:4917.04.2021
0
5814

16-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Gurama agza döwletleriň 72-si onuň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, mfa.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji ýubileý sessiýasynda öňe sürlen bu başlangyç «Gün tertibi — 2030-y» amala aşyrmak boýunça köpugurly işlere sebit döwletleriniň ählisiniň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün eder.

Ýeri gelende bellesek, täze Kararnama sebit merkezi boýunça kabul edilen resminamalaryň ikinjisidir. Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisinde hem hut şu at bilen kabul edilipdi. Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň öňüsyrasynda kabul edilen bu resminamada BMG-niň degişli missiýasynyň parahatçylyk döretmekdäki ähmiýetine ýokary baha berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň