Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň KHBS-de täze bölümler dörediler

18:4117.04.2021
0
7467

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurluşynda «Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy» bölümlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna şu bölümleri döretmek hem-de döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň birnäçe bölümleriniň düzümini üýtgetmek meseleleri boýunça teklipleri hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda we sanly tehnologiýalary ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň