Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy alyjylara we satyjylara köpugurly hyzmatlary hödürleýär

11:2117.04.2021
0
13564

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet söwda platformalary işjeň ösýär. Olardan biri ýakynda açylan, 100-den gowrak markanyň köp görnüşli önümlerini hödürleýän «Gerekli» onlaýn gipermarketidir.

Bu ýerde azyk önümleri, hojalyk harytlary, kosmetika önümleri we atyrlar ýaly zerur harytlaryň köp dürli görnüşleri hödürlenilýär. Saýtdan peýdalanmak bilen ýakynlaryňyzy sowgatlyk önümlerdir dürli güller bilen hem begendirip bilersiňiz.

«Gerekli» onlaýn platformasy «Apple», «Samsung», «Huawei», LG, «Philips», «Miele» ýaly dünýä meşhur kompaniýalaryň elektronika we öý enjamlaryny hem hödürleýär.

Harytlaryň dürli ugurlara bölünmegi müşderiler üçin amatlylyk berýär. Satyn alnan haryt üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty bilen hem geçirip bolar. Gerekliden haryt satyn almak üçin köp wagt sarp etmegiň hajaty ýok, diňe harydyň gowşuryş şertlerini operator bilen gürleşmek ýeterlikdir. Ýörite bölümde gyzyklandyrýan sowallara jogap tapmak hem mümkindir.

«Gerekli» öz müşderilerini dürli arzanladyşlar bilen hem begendirip durýar. Bu ýerde her hepdäniň çarşenbe gününde «Gerekli gün» atly arzanladyş çäresiniň geçirilýändigini habar berýäris.

Onlaýn platformanyň hödürleýän artykmaçlyklary haryt satýan taraplaryň hem göwnünden turar. Müşderisi gün-günden artýan platforma jaýlary kireýine bermek, mahabat ýaly mümkinçilikleri hem berýär. Başga bir mümkinçilik bolsa harydy satmak üçin işgär tutup, aýlyk tölemek zerurlygynyň aradan aýrylýanlygydyr. «Gerekli» siziň harydyňyzy müşderä iň gowy görnüşde hödürläp, söwdaňyzyň ösmegine ýardam eder.

Onlaýn platformanyň satyjysy ýa alyjysy bolmak üçin onda hasaba alynmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň