Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi

23:5916.04.2021
0
2192
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Döwlet Baştutany Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri forumyň öz işine başlamagy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milletiň Lideriniň bu ýerdäki çykyşy «Türkmenportalyň» aýratyn habarynda dolulygyna getirildi.

Soňra döwlet Baştutany ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barandygy üçin hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy atşynaslaryny, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Bu dabaraly pursatyň yzysüre mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorw, Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosar dagylar çykyş etdi.

Çykyşlar tamamlanansoň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, 19 — 25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi. Hasabatdan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy mejlisiň aýratyn wakalarynyň biri boldy.

Mejlisiň dowamynda käbir atşynaslar çykyş edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklibi hödürlediler.

Göni ses bermek arkaly, şol sanda sanly ulgam boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtly agzalary şu assosiasiýanyň Prezidentligine Serdar Berdimuhamedowy biragyzdan saýladylar.

Soňra mejlisiň işi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze saýlanan Prezidenti S.Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde dowam etdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, foruma gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe guramaçylyk meseleleri hödürlenildi. Assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipesine Annageldi Ýazmyradow tassyklanyldy. Ol Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary hem bolup durýar.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze dolandyryş müdiriýetiniň hem-de derňew toparynyň agzalary saýlanyldy.

Mejlisde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýl Keýtiň çykyşy hem diňlenildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň