Ministrler Kabinetiniň anna günündäki mejlisi tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli täze ýolagçy awtobuslaryň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi.
Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutany şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini synlady hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.
Biraz wagtdan täze ýolagçy awtobusy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň ýanyndaky duralga gelip saklandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki ýolbaşçylar awtobusdan düşüp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň geçirilýän ýerine ugradylar.