AŞTU hyzmatlaryň hasaby boýunça SMS hyzmatyny ýola goýdy

21:3316.04.2021
0
19362
AŞTU hyzmatlaryň hasaby boýunça SMS hyzmatyny ýola goýdy

Öz hyzmatlaryny barha döwrebaplaşdyrýan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» olaryň hataryna SMS habarnamasy hyzmatyny hem goşdy. Bu barada AŞTU-nyň resmi saýtynda hem habar berilýär.

Mundan beýläk Internet we IP telewideniýesiniň müşderilerine eger indiki aý üçin hasabyndaky pul serişdesi ýeterlik däl bolsa, awtomatik ýagdaýda SMS habarnamasy geler. Eger hasapda pul ýeterlik bar bolsa, SMS barmaz. Habarnama müşderiniň bellige aldyran mobil belgisine goýberiler.

Şeýlelikde, täze hyzmat müşderileriň AŞTU-nyň kämil hyzmatlaryndan peýdalanmakdaky bökdençliklerini aradan aýrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň