Soňky habarlar

Arhiw

Walentina Matwiýenko Berdimuhamedowyň iş sapary bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul etdi

18:5316.04.2021
0
11284
Walentina Matwiýenko Berdimuhamedowyň iş sapary bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul etdi

Russiýa Federasiýanyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul etdi.

«Parlament gazetiniň» TASS-a salgylanyp berýän habaryna görä, türkmen Lideriniň çakylygyny oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa ýetirdi.

«Bu çakylygy höwes bilen kabul edýärin. Onuň haçan amala aşyryljakdygyny diplomatik ýollar bilen ylalaşarys» diýip, Walentina Matwiýenko bu çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Ýeri gelende aýtsak, rus syýasatçysy Türkmenistanda iň soňky gezek 2017-nji ýylda saparda bolupdy. Ol şonda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň