Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kabul ediş merkezini açdy

23:2815.04.2021
0
6192

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Maslahatlar merkeziniň golaýynda ýerleşen Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Kabul ediş merkezi jemi 26 müň 854 inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Merkeziň esasy zaly 1 müň orunlyk bolup, ol banketler, dabaralar zaly diýlip atlandyrylýar. Bu zal meşhur daşary ýurtly önüm öndürijileriň oňaýly we döwrebap mebelleri bilen üpjün edildi hem-de ajaýyp türkmen el halylary bilen bezeldi.

Mundan başga-da Kabul ediş merkezinde myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binanyň bezeginde binagärligiň özboluşly ýörelgeleri ulanyldy. Garderobly hol we beýleki zallar Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny beýan edýän nakgaş eserleri bilen bezeldi.

Täze Kabul ediş merkezinde foruma gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň