Arhiw

USAID Türkmenistanyň DIM-niň ýaş hünärmenleri üçin onlaýn okuw geçirýär

18:1615.04.2021
0
6037
USAID Türkmenistanyň DIM-niň ýaş hünärmenleri üçin onlaýn okuw geçirýär

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri üçin ABŞ-ň halkara ösüş Guramasynyň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan, sanly diplomatiýanyň onlaýn-kursy başlandy. Kurs Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde sanly diplomatiýanyň usullarynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin ökde hünärmenleriň sanyny köpeltmek boýunça wezipelerine laýyklykda geçirilýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow çäräniň gatnaşyjylaryna wirtual ýüzlenmesinde: “Siziň wezipäňiz – 21-nji asyryň gurallaryny ulanyp, 21-nji asyryň diplomatiýasynyň ussatlary ýaly ýeke-täk maksat bilen – öz ýurduňyz üçin netijeli diplomat bolmakdyr. Şu ýylda biziň ählimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläris. Diplomatiýa soňky 30 ýylda üýtgemedi, emma siziň ulanmaly gurallaryňyz ewolýusiýany geçirdi!” - diýip aýtdy. Ol şeýle hem, gatnaşyjylarda daşary syýasatyň maksatlaryna ýetmek üçin, şol sanda kiber giňişlikde sanly serişdeleri ulanmagy öwrenmäge höwes döretdi. Ilçi Klimow: “Siz öz maksatlaryňyza ýetmek, ýürekleri we akyllary eýelemek hem-de çözgüt kabul edýänlere täsir etmek üçin, kiber giňişligi özleşdirmeli!”- diýip üstüni ýetirdi.

Sanly we kiber diplomatiýanyň, emeli intellektiň, kiber howpsuzlygyň we sanly eýýamda üýtgäp duran dünýä düzgüniniň ugurlaryny öz içine alýan onlaýn-kursy, diplomatiýa boýunça öňde baryjy dünýä ekspertleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Global diplomatiýa forum Britan onlaýn-akademiýasy tarapyndan geçirilýär. Dört hepdäniň dowamynda gatnaşýan daşary işler ministrligiň ýaş hünärmenleri sanly diplomatiýanyň öňde baryjy halkara tejribesini özleşdirerler.

Şugünki çäre - USAID-ň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýerli ykdysadyýete we jemgyýete goşandyny goşmak ukyplaryny berkitmek üçin geçirilýän köp çäreleriň biri bolup durýar. 2017-nji ýyldan bäri bu işiň çäklerinde Türkmenistanyň 3000-den gowrak ýaş adamlary üçin telekeçiligiň we işe taýýarlygyň endiklerini ösdürmegiň maksatnamalary ýerine ýetirildi, bu bolsa, olara karýerada we şahsy durmuşda üstünlige ýetmäge mümkinçilik berdi. USAID-ň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanda JA Worldwide tarapyndan Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň