Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy boýunça ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

11:0815.04.2021
0
4165

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynda ýaşlaryň arasynda ozal yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri syaglanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen-özbek gatnaşyklaryna bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigine Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň 28 talyby gatnaşdy.

Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem gatnaşanlaryň hemmesine Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan minnetdarlyk hatlary berildi.

Çäräni «Dunýo» habar gullugynyň, «Özbegistan 24» we «UzReport» teleýaýlymlarynyň wekilleri we köp sanly Internet portallary beýan etmäge gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň