Arhiw

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertipleri tassyklanyldy

00:0711.04.2021
0
14565
Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertipleri tassyklanyldy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 10-njy martynda çykaran 96 belgili buýrugy bilen «Saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertipleri» tassyklanyldy.

Ministr bu buýruga «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1914-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bilen gol çekdi.

Buýruga laýyklykda,

1) Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemegiň Tertibi;

2) Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky we beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertibi tassyklanyldy.

Tertipler bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgydan doly tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň