Türkmenistanyň DHÇMB-de ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý geleşik baglaşyldy

18:5110.04.2021
0
7109

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 878 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 10 million 574 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen haltalary, parafin gaçy, aglomerat we polipropilen plýonkasy üçin çig maly satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň