Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça milli ýygyndysy Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

18:3510.04.2021
0
13518

Gazagystanyň Almaty şäherindäki halkara ýaryş tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň sport göreşi boýunça milli ýygyndysy bu ýerden Türkiýäniň Antalýa şäherine ugrar. Milli ýygyndymyz Antalýada ýene bir halkara ýaryşa ― şu ýylyň maý aýynda Bolgariýada geçiriljek saýlama ýaryşa taýýarlyk görer. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýaryşda gowy netije gazanyp bilen türgenleriň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmek mümkinçiligi artar. Munuň üçin, biziň wekillerimiz öz agram derejelerinde iň gowy üç türgeniň biri bolmaga synanyşarlar.

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça milli ýygyndysynyň wekilleriniň Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatyna gatnaşjakdygyny ozal hem habar beripdik. Bu ýaryşyň netijeleri hem türgenleriň «olimpiýaçy» bolmak mümkinçiligini artdyrar. Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek halkara ýaryş 15-nji aprelde başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň