Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümleriniň ýeterlik goruny döretmegi tabşyrdy

23:5509.04.2021
0
9459
Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümleriniň ýeterlik goruny döretmegi tabşyrdy

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki ýagdaýda söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi.

Şoňa görä-de, her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmak möhümdir. Zerur bolanda, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Milletiň Lideri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gurluşygyň möhletlerine we hiline uly üns bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň