Soňky habarlar

Arhiw

Pandemiýa sebäpli ulag ulgamynyň gulluklaryna goşmaça ýardam berler

23:5309.04.2021
0
6331

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli, häzirki wagtda ulag pudagynyň aýry-aýry görnüşleriniň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşmek zerurdyr.

Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleler ýüze çykýar diýip, milletiň Lideri aýtdy we wise-premýere G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary seljermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem zähmet haklaryny tölemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti agentlikleriň salgytlary ýa-da alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak, ýa bolmasa, olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň