«Şagadam» Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisini düzümine goşdy

15:1209.04.2021
0
9921

«Şagadam» hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň topara goşulandygyny habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyndaky habarda ýazylýar.

Futbolçy geçen möwsümi «Ahalyň» düzüminde geçiripdi.

Myrat Tohtamyradowiç Ýagşyýew 1992-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenabat şäherinde dünýä indi. Şäherdäki «Olimp» futbol mekdebiniň uçurymy bolan 29 ýaşly hüjümçi profesional karýerasyny 2012-nji ýylda «Lebap» futbol toparynda başlady. Soňra ol dürli ýyllarda «Daşoguz», «Nebitçi», «Altyn asyr» we «Ahal» futbol toparlarynyň üstünlikleri üçin göreşdi.

«Altyn asyr» bilen bassyr dört gezek ýurdumyzyň çempiony bolan Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda hem köp sanly duşuşyklara gatnaşdy.

Geçen ýylyň başynda «Ahal» bilen şertnama baglaşan hüjümçi bir möwsümde 25 duşuşyga çykdy, şolarda 2058 minut meýdanda boldy. Onuň Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 11 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys. Bu netije bilen ol möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi.

Myrat Ýagşyýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýwanyň milli ýygyndysyna garşy geçirdi. Milli ýygyndymyz bilen henize çenli 12 duşuşyga gatnaşan hüjümçi BAE-de geçirilen Aziýanyň kubogy ― 2019-da hem ýygyndy toparymyzyň düzüminde bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň