Türkmen diplomatlary Gruziýada kiçi futbol boýunça ýaryş gurady

18:1706.04.2021
0
4244

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

Oňa dürli döwletleriň Gruziýadaky diplomatik korpuslarynyň we gruzin türgenlerinden ybarat toparlar gatnaşdy.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Ýaryş jemlenende, onuň ýeňijilerine guraýjy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň