Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

22:3505.04.2021
0
7867
Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz bu gazna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde ony döretmek hakyndaky çözgüdini beýan edip, munuň ata-babalarymyzyň kömege mätäçlere ýardam bermek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak ýaly ynsanperwer ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň