«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýlen hormatly adyň eýelerine goşmaça hak töleniler

20:5605.04.2021
0
12829

«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan adamlar goşmaça pul baýraklaryna mynasyp bolarlar. Bu barada «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda aýdylýar.

Kanunyň Düzgünnamasynyň 7-nji bendinde bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenilýär».

Täze döredilen hormatly at bilen bagly Türkmenistanyň Kanuny milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 13-nji martynda tassyklanyldy. Şeýle hem bu hormatly adyň Düzgünnamasynda onuň Döwlet sylagydygy nygtalyp, bu adyň

— Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren;

— itşynaslyk we kinologiýa ugry boýunça azyndan 10 ýyl birkemsiz zähmet çeken we türkmen alabaý itleriniň baş sanyny köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, şeýle-de bu babatda gazanylan üstünlikleri, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýandygy nygtalýar.

Oňa Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň raýaty bolmadyk adamlar hem mynasyp bolup biler. Hormatly at Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

Täze Kanunyň doly nusgasy we onuň Düzgünnamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň