Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana Eýrandan ýükli wagonlar geldi

20:3505.04.2021
1
19323

Eksport ýükleri ýüklenen awtoulaglar Eýrandan Etrek demir ýol menziline geldi. Eýranyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, bu barada Eýranyň Gürgen şäherinde ýerleşýän 2-nji demirgazyk-gündogar demirýol ulgamynyň baş müdiri Mohsen Etemad habar berdi.

Onuň sözlerine görä, goňşy ýurduň ýük awtoulaglary Eýran ― Türkmenistan ― Gazagystan demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän Inçeburun serhet geçelgesi bilen Türkmenistana geldi.

Mohsen Etemad: «Eýran Nowruz dynç alyş günlerinde Inçeburunyň üsti bilen Türkmenistana, takmynan, 16000 tonna haryt eksport etdi» diýip, beýanatynda aýtdy.

Mundan ozal koronowirus pandemiýasy sebäpli ara düşen 100 günlük arakesmeden soňra Eýran Türkmenistana demir ýol arkaly 220 müň tonna önümi eksport edipdi. Şunça ýüküň 100 müň tonnadan gowragy sementdir. Galanlary bolsa polat, kafel, hurma, alma ýaly önümler we ýuwujy serişdelerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Tirkishjanannaoraz ( 06.04.2021 )

Salam Turkmenportal saýtynyň admini: Käbir ýerlerde harp ýalňyşlyklar bar "Türkmenistanda Eýrandan" Türkmenistana Eýrandan - bolmaly. "220 müp tonna" 220 müň tonna bolmaly

5