Soňky habarlar

Arhiw

Canada Post Türkmenistana poçta ugratmak hyzmatyny ýola goýdy

12:0604.04.2021
0
15357

Canada Post korporasiýasy şu ýylyň aprel aýyndan Kanadadan Türkmenistanda ugradyljak poçtalary kabul edip başlandygyny habar berdi.

Häzir Kanadadan Türkmenistana hatlary we ýeňil agramdaky ýükleri ugradyp bolýar.

«Türkmenpoçtanyň» halkara poçta ugratmalaryny şu ýylyň ýanwar aýynda dikeldendigini ýatladýarys. Kompaniýanyň poçta ugradyp berýän döwletleriniň hatarynda Kanada hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň