Röwşen Muhadowyň kömekçileri belli boldy

19:0703.04.2021
0
14904

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Muhadow özüniň tälimçiler düzümini kesgitledi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, baş tälimçä Kämil Mingazow, Begenç Garaýew, Said Seýidow dagylar ýardam berer. Milli ýygyndynyň derwezeçilerini bolsa Pawel Matus türgenleşdirer.

Häzir baş tälimçi kömekçileri bilen bilelikde Aşgabatda ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Röwşen Muhadow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň başyna şu ýylyň mart aýynda getirildi. AFK-nyň Pro derejesiniň eýesi bolan tälimçi milli ýygymyzy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynyň duşuşyklaryna taýýarlar. Duşuşyklar iýun aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň