Arhiw

Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

15:5303.04.2021
0
6473
Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

2021-nji ýylyň 5 – 8-nji aprelinde Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif iş sapary bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Türkmenistana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Gazagystana baryp görer – diýip, "Mehr News" habar berýär.

Habarda ösen taryhy we medeni jemgyýetleriň sebiti bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranyň hemişe üns berýändigi bellenilýär. Daşary işler ministriniň sapary ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga bagyşlanar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan soňky ýyllarda Eýran söwda, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň