Ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi

11:1703.04.2021
0
7976

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş 2021-nji ýylyň Türkmenistanda «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirildi.

Ýaryşa şäheriň sport mekdeplerinden we Ahal welaýatyndan ýetginjekleriň 50-ä golaýy gatnaşdy. Şunda gyzlar 5, oglanlar bolsa 11 agram derejesinde güýç synanyşdylar.

Ýaryş «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirildi.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Çynar Turaýewa, Muhabbat Japarowa, Gülşat Durdyýewa, Gülşat Hojaberdiýewa we Akgözel Öwezdurdyýewa dagylar ähli garşydaşlaryndan saýlanmagy başardylar.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Batyr Berdiýew, Perhat Bagtyýarow, Maksat Mätreýimow, Sanjar Abdyllaýew, Yslam Begjanow, Tahyr Azatbaýew, Resul Rejebow, Daýanç Gazakow, Döwlet Buljyýew, Aman Babaýew we Nurmuhammet Toýçyýew dagylar öz agram derejesinde ýeňiji boldular.

Ýeňijilere baýraklary Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkerimow we beýleki halypalar gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň