Ýerewanda Türkmenistan barada fotosergi açyldy

20:0902.04.2021
0
15166

Şu gün Ýerewan şäherindäki «Marşal Bagramýan» muzeýinde «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly fotosuratlaryň sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Sergi ýurdumyzyň Ermenistandaky diplomatik wekilhanasy, Ermenistanyň Daşary işler ministrligi we Karen Demirçýan adyndaky Ýerewan şäher birleşigi tarapyndan geçirilýär.

Sergide Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25, Garaşsyzlygynyň 30 we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşalanan fotosuratlara orun berlipdir.

Çäre 14-nji aprele çenli öz işini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň