Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň we Okeaniýanyň Gyrgyzystanda geçiriljek çempionatyna gatnaşarlar

17:1402.04.2021
0
18060

2021-nji ýylyň 6 ― 9-njy apreli aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) erkekleriň we zenanlaryň arasynda dzýudo boýunça Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň birleşen çempionaty geçiriler. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi web saýty habar berdi.

14 agram derejesinde geçiriljek halkara ýaryşa 32 döwletiň türgenleri gatnaşar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 15 türgen wekilçilik edýär. Milli ýygyndymyz ýakynda yklym çempionatyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gitdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy:

Erkekler: Hakberdi Jumaýew (60 kg çenli), Aýbek Ömirow (60 kg çenli), Hekim Agamämmedow (66 kg çenli), Isa Gaýradow (66 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Agamyrat Bäşimow (81 kg çenli), Şatlyk Töraýew (90 kg çenli), Ýaşuzak Aşyrow (100 kg çenli).

Zenanlar: Bägül Nuryýewa (48 kg çenli), Gülbadam Babamuradowa (52 kg çenli), Gözel Nowruzowa (57 kg çenli), Zülhumar Daşgynowa (63 kg çenli), Feride Mämmedowa (70 kg çenli), Ogulgerek Nurmedowa ( 78 kg çenli), Dilfuza Ýollyýewa (78 kg-dan ýokary).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň