Şu gün Türkmenistanyň telekeçileri «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada +0708 belgiden SMS habaryny aldylar.
SMS habarda şeýle diýilýär:
«Pensiýa gaznasy döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň kanunçylygyna üýtgetmeleriň girizilendigini we mlsp.gov.tm saýtymyzda tanşyp biljekdigiňizi habar berýär!»
Bu SMS habardaky bildirişiň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilendigi görkezilipdir.