Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» hususy kärhanasy ýylyň iň gowy eksport edijileriniň üçlügine girdi

11:0530.03.2021
0
7029

«Miweli ülke» hususy kärhanasy Türkmenistanyň paýtagtynda 17 – 23-nji mart aralygynda ýurdumyzyň ösüşlerine bagyşlanyp guralan sergä gatnaşdy. Bu serginiň çäklerinde 13 ugry öz içine alan «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy bäsleşigiň «Ýylyň işewür eksportçysy» diýen ugry boýunça 2-nji orny eýeledi. Bu daşary bazarda türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetli boldy.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy ýurdumyzyň ähli ýerlerini miwe we bakja önümleri bilen üpjün etmek we «Hoşwagt» ady bilen kofe, patrak, çipsileri öndürmek boýunça işleri alyp barýar.

Kärhananyň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, ýakynda ýurdumyzda guralan sergä gatnaşmak kärhanada öňden öndürilýän önümler we täze harytlar, şeýle hem gazanylan üstünlikler bilen ilatymyzy tanyşdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin oňyn şertleri döretdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň